Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik bolup geçdi.
29-njy iýulda bolup geçen söhbetdeşlikde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iň ýokary döwlet derejesinde özara saparlaryň, şeýle hem dürli derejelerdäki syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, taraplar iki ýurtda geçirilýän çärelere ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagynyň ähmiýeti barada belläp geçdiler.
Söhbetdeşlikde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara meýdançalarynda alnyp barylýan özara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.