Iýul aýynyň 27-ne türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz Çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny, önümçilik toplumynda işgärleriň netijeli işini üpjün edýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Şunda ekologik kadalaryň berk berjaý edilmegi, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy möhüm talap bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we görkezilen taslamalar babatda birnäçe bellikleri aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow desgalaryň daşky bezeg aýratynlyklary, olarda ulanylýan mermer daşlarynyň görnüşleri barada hasabat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Täjigistan Respublikasynda saparda bolan mahalynda dostlukly ýurtda öndürilýän mermer daşlarynyň hiline ýokary baha beripdi. Bellenilişi ýaly, ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Täjigistanda saparda bolup, ol ýerde mermer daşlarynyň önümçiligi bilen tanyşdy. Dostlukly ýurtda öndürilýän mermer daşlary hil we amatlylyk babatda täze şäheriň gurluşygyna, bezeg aýratynlyklaryna bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.
Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, desgalaryň bezeg işleriniň, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap bolmalydygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri gurulýan desgalarda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň özboluşly aýratynlyklaryna mahsus reňk sazlaşygynyň emele getirilmeginiň, her welaýata degişli senetçilik aýratynlyklarynyň görkezilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu babatda ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaş ýurtlardan getirilýän mermer we beýleki bezeg daşlarynyň ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan gaýtadan işlenilip, zerur bolan şekilleriň döredilmeginiň guwandyryjy ýagdaýdygyny belläp, ýerli işewürleriň elinden çykan bezeg daşlarynyň we germewleriň täze desgalaryň gurluşygynda, timarlaýyş işlerinde ulanylmagyny oňlady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda bu ýerde guruljak binalaryň we kärhanalaryň taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy, degişli düzedişleri girizdi. Şunda binalardyr desgalaryň ýokary hil derejesinde gurulmagy, ekologik kadalaryň saklanylmagy, uzak möhletleýinlik hem-de estetik keşbiniň berjaý edilmegi möhüm talap bolup durýar.
Şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyrylmalydyr. Önümçilik toplumlarynyň işine sanly ulgam we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylmalydyr. Şunda şäherde ekologik abadançylygy üpjün etmek, onuň binagärlik keşbiniň tebigat bilen sazlaşygyny gazanmak üçin zerur tagallalar edilmelidir. Täze desgalar Arkadag şäheriniň bir bitewi binagärlik keşbini emele getirmelidir, diýip Gahryman Arkadagymyz belledi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän “Guwlyduz” önümçilik toplumyna bu ýerde öndürilýän önümleriň ekologik menejment talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan ISO 14001; bu kärhananyň lukmançylyk önümleriniň menejment hil ulgamyna laýyk gelýändigi baradaky ISO 13485; toplumdaky duz önümçiliginiň menejment hil ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky ISO 9001 güwänamalary berildi. Ýurdumyzyň lukmançylyk klasteri üçin önümleri öndürýän dürli düzümlerine halkara güwänamalaryň berilmeginiň möhümdigini aýdyp, Milli Liderimiz olaryň Diýarymyzyň önümçilik kuwwatlyklarynda alnyp barylýan işleriň dünýä ülňülerine laýyk derejede ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz şäherde abadanlaşdyryş işleri bilen bir hatarda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, olary göçürip getirmek meselelerine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Garaşsyzlyk baýramyna, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny, täze taryhy döwürde bellenilýän şanly seneleriň milli ýörelgelere laýyklykda dabaralandyrylmalydygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz dürli maksatly desgalar bina edilende, olaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, gurluşyk işlerine we bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini ýene bir gezek belläp, hemmelere öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.