Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 31,7 million dollaryndan geçip, jemi 46 geleşik baglaşyldy.

Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Marşal adalarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümlerini ― polipropileni, awtobenzini, uçar kerosini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň täjirleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümi bolan suwuklandyrylan gazy we Seýdiniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýän agyr wakuum gazoýly satyn aldylar.

Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Gazagystanyň, Serbiýäniň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň iş we söwda wekillerine float aýna listleri, pagta ýüplügi, tekiz reňklenen, žakkard tüýjümek önümleri we buýan köküniň gury ekstrakty ýerlenildi.  Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 31 million 712 müň dollaryna barabar boldy. 

BAE-niň we Ermenistanyň täjirleri 39 million 270 müň manatlyk pagta ýüplügini satyn alyndy. 

Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümi bolan konsidionsyz polipropilen plýonkasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 700 müň manada deň boldy. Şeýle hem ABŞ-nyň 541 müň dollaryna portlandsement ýerlenildi.