«Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän mermer we granit işlenýän zawodynda ýanwar — iýun aýlarynda 3 million 913 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Ýylyň başyndan bäri öndürilen müňlerçe inedördül metr ýokary hilli mermer, şeýle-de granit daşlary sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýan önümler ýurtda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde giňden ulanyldy.
Köçeleriň we ýanýodalaryň gyralaryny jäheklemek üçin niýetlenen bezeg daşlarynyň dürli görnüşine, arhitektura şekillerine we sütün üçin örtgi plitalaryna isleg ýokary diýlip, habarda bellenilýär.

 

Çeşme: Türkmenmetbugat