Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 8 – 11-i aralygynda Daşkentde geçiriljek «HоRеCа Uzbekistan» atly birinji halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar.

Bu çäre Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk boýunça komitetiniň goldawy bilen «UzEksposentr» sergi merkezinde geçiriler. «HоRеCа Uzbekistan» myhmanlary ýokary derejede kabul etmeklikde, işewür gatnaşyklary ýola goýmakda we täze hyzmatdaşlary gözläp tapmakda ýetilen täze sepgitleri görkezmek üçin özboluşly bir ýerlikdir.

Sergi Özbegistanyň we daşary ýurtlaryň myhmanhana-restoran işiniň öňdebaryjy wekillerini, şeýle hem syýahatçylyk pudagynyň bilermenlerini bir meýdançada jemlär. Ol binanyň içki biçüwinden we hünäri enjamlardan başlap, awtomatlaşdyrma hem howpsuzlyk ulgamlaryna çenli giň gerimi öz içine alýar.

Serginiň dowamynda, şeýle hem ýaşyl tehnologiýalara we sanlylaşdyrma bagyşlanan maslahat, ussatlyk dersleri, hünär bäsleşikleri, dünýä halklarynyň tagamlarynyň festiwaly geçiriler.

 

 

Çeşme:«Türkmenistan: Altyn asyr»