Ilkinji gezek Türkmenistana «B + durnukly» derejede uzak möhletleýin reýting berildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat-gullugy habar berýär:
«Fitch Ratings» halkara reýting agentligi Türkmenistana şu reýtingleri berdi: “B” derejede gysga möhletleýin reýting we “B + durnukly” derejede uzak möhletleýin reýting. Bu bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine şaýatlyk edýär» - diýlip DIM-iň habarynda aýdylýar.
Berlen bu reýtingler ýurduň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge we beýleki döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň barşynda bu täzeligi kanagatlanma bilen kabul edip, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň karz berijilik reýtingini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.
«Fitch Ratings» halkara reýting agentligi — bu ykdysady maglumatlaryň seljermesini geçirýän we olaryň esasynda banklaryň, döwletleriň we kompaniýalaryň garaşsyz karz berijilik bahalandyrmasyny hödürleýän agentlikdir.
«Fitch Ratings» reýtingi önüm öndürijiniň abraýyna, maýa goýujylary çekmeklige oňyn täsir edýär.