22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, orakdan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýarlamak, şeýle hem gallaçylar bilen döwlete tabşyrylan hasyly, hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen birlikde, welaýatda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşalmagyny hem-de ýerleşdirilmegini, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hem-de hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda bökdençsiz geçirilmegini, azyklyk oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi