Jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky karara gol çekildi. Şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawyny 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermek tabşyryldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi