Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hukuk maglumatlarynyň alyş-çalşygy üçin Bitewi Elektron Platformanyň döredilmegi meýilleşdirilýär. 

Degişli taslama 17-nji awgustda GDA-nyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly geçirlen duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň internet portalynda habar berilýär. 

GDA döwletleriniň özara kagyz resminama dolanyşygy resminamalar bilen işleşmegiň gijikmegine, hem-de olaryň tertibiniň bozulmagyna getirýär. Şeýle meseleleriň öňüni almak üçin, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň döwrebap usullaryny girizmek arkaly, GDA döwletleriniň hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň usullaryny kämilleşdirmegi zerur. 

Maglumat alyş-çalşygy üçin GDA-nyň Bitewi Elektron Platformasynyň döredilmeginiň maksady – hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeliligini artdyrmak, şeýle-de degişli hökümet edaralarynyň özara gatnaşyklaryny kepillendirmekden ybarat. 

Maslahatyň ahyrynda Bitewi Elektron Platforma taslamasyna degişli bellikleriň we düzedişleriň girizilmegi, şeýle-de taslamanyň jemlenilmegi hünärmenler tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Düzedişleri girizmek we taslmany jemlemek Özbegistanly hünärmenlere teklip edildi.