Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 35 geleşik baglaşyldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň täjirçilik toparlary Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümi bolan kalsinirlenen we umumylaşdyrylan nebit koksuny satyn aldylar. 

Şeýle hem daşary ýurt puluna Russiýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler, float aýna listleri we pagta ýüplügi ýerlenildi. 

Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 360 müň dollaryna barabar boldy. 

Milli manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Gazagystanyň täjirleri lukmançylyk serişdelerini we pagta ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 35 million 867 müň manada deň boldy. 

Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin 2 million 970 müň manatlyk «Türkmenaglomerat» polipropilen örtüjilerini(Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümi)we gaplamak üçin örtüjileri satyn aldylar.