Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ýurduň daşary söwda tertibini taýýarlamak boýunça jemleýji ýygnak geçirildi.
Oňa ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň tejribesi we pikirleri Türkmenistanyň daşary söwda syýasatyny we tejribesini beýan edýän hemmetaraplaýyn resminamanyň taýýarlanylmagynda uly ähmiýete eýe boldy.
Ýygnak Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy Anna Warýanigiň gatnaşmagynda geçirildi. Ol Ähtnamany işläp düzmek üçin Aşgabat şäherine geldi.
Daşary söwda tertibi baradaky Ähtnama ýurduň BSG-a goşulmagy üçin zerur bolan esasy resminama bolup durýar. Onda ýurtda alnyp barylýan söwda syýasaty barada jikme-jik syn we ýurduň ykdysady ulgamy beýan edilmelidir.
Ähtnamany taýýarlamakda kömek we tehniki goldaw Aziýa ösüş banky (ADB), ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID), Halkara söwda merkezi (ITC) ýaly dürli halkara guramalar we edaralar tarapyndan berilýär.