Daşkent şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň on sekizinji mejlisi geçirildi.
Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Özbek wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ž.Hojaýew ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň dowamynda taraplar bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň öňki mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky yzygiderli we netijeli gepleşikleriň döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berýändigi bellenildi.
Mejlisde taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de senagat ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmegiň, energetika, ulag we üstaşyr ýük daşamak ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Oba we suw hojalygy, hususan-da sebitiň suw serişdelerini ulanmak ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly pikirleri hen ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de daşky gurşawy goramak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň hem esasy ugurlaryna seredip geçdiler.
Duşuşykdan soň taraplar türkmen-özbek toparynyň on sekizinji mejlisiniň jemleýji teswirnamasyna we isleg bildirilýän harytlary we hyzmatlary özara üpjün etmek üçin täze mümkinçilikleri açýan şertnamalara gol çekdiler.