13-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi.

Ilki bilen, parlamentarileriň garamagyna “Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasy hödürlenildi. 

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna “Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen, beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi.

1999-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen “Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Tertipnamasynyň VI maddasyna üýtgetmäni tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garamak hem maslahatyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Onda agentligiň maksadynyň bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, saglygy, abadançylygy pugtalandyrmak üçin atom energiýasynyň has tiz hem-de giňden ulanylmagy bolup durýandygy bellenilýär. Deputatlar “Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny-da ara alyp maslahatlaşdylar.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň her ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde maglumat bilen çykyş etmegi göz öňünde tutulýar.

Soňra “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunyň taslamasyna garaldy. Bu Kanun arkaly Türkmenistanyň Zähmet kodeksini, «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, milli parlamentiň deputatlary “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

“Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem garaldy. Ol Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär. Şeýle-de “Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” Kanunyň taslamasyna garamagyň barşynda bu hukuk namasynyň bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga, Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, olaryň saglygynyň berkidilmegine gönükdirilendigi aýdyldy. Maslahatda “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” hem-de “Ylmy edaralar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garaldy.

Maslahatda “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunyň taslamasy boýunça hem gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. “Tohumçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy-da ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanun taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar kabul edilen kanunlaryň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarda okgunly ösüşine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagy üçin oňyn şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi