12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ol 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlen çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,3 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba hojalygynda 5,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,1 göterim köpeldi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda we doly maliýeleşdirildi. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew hasabat döwründe Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 102,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 101,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,2 göterim berjaý edildi. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans toparlarynyň jemi 44, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 38 mejlisi geçirildi. Bu mejlisleriň barşynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine seredildi. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 20,8 göterim artdy we jemi içerki önümiň 17,3 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Şeýle hem şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň görkezijileri barada aýdyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi