Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçirilen saýlawlaryň ahyrky netijeleri jemlenildi.

Şeýle hem saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenildi. Hususan-da, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna üç saýlaw okrugy boýunça bu saýlaw okruglarynyň çäginde ýaşaýan 79 müň 121 adam gatnaşdy, bu bolsa bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göterimine deňdir.

Saýlaw toparlarynyň ses bermegiň netijeleri boýunça teswirnamalaryna laýyklykda, Milli parlamentiň üç deputaty saýlandy.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde, şeýle hem birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi