6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler tamamlanandan soň, belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragygynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglady.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik söz ussadynyň hormatyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilendigini aýdyp, bu medalyň ilkinji sany bilen Antoniu Guterrişi sylaglamak barada karara gelendigini habar berdi.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda bu ýokary derejeli sylag Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna gowşuryldy.

Bu ýubileý medaly bilen belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny, Bitaraplyk syýasatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de baýlaşdyrmaga, halklaryň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge we özara bähbitli ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sylaglanyldy.

Abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysy hormat-sarpa üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň ajaýyp şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň filosofik pikirleriniň ähmiýetini nygtady. Nusgawy şahyr özüniň döreden goşgulary arkaly tutuş dünýäde agzybirlige, dostluga we ynsanperwerlige, parahatçylygyň dabaralanmagyna çagyrypdyr. Munuň özi bolsa, BMG-niň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýär.

Şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredilen sowgatlyk nyşany we «Magtymguly» atly kitaby sowgat berildi. «Magtymguly» atly kitap – beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysy rus, türkmen we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edildi.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi