29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Prezidenti häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine hem-de iki ýurduň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna Özbegistanda buýsanylýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda barha okgunly häsiýete eýe bolýandygyny, bu gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we açyklyk ýörelgeleri esasynda guralýandygyny belledi.

Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk giň ugurlar boýunça hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistan we Özbegistan halkara düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler, muňa abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlarynyň we teklipleriň özara goldanylýandygy hem şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplaryň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy ugur edinýändikleri tassyklanyldy. Şeýle hem syýasy partiýalaryň we kanunçykaryjy edaralaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebit derejesinde göni gatnaşyklary hem-de özara alyşmalary höweslendirmäge taraplaryň taýýardygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň barşynda, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik we uzakmöhletleýin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyny, şeýle hem özbek Lideriniň biziň halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryny aýratyn belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite Kararyna laýyklykda, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň goňşy doganlyk ýurtda giňden bellenilýändigi hem-de Gündogaryň akyldar şahyry barada özbek sungat ussatlary tarapyndan düşürilen kinofilm üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň, taryhy kökleriniň umumylygynyň aýdyň beýanydyr.

Dostlukly goňşy döwletiň Baştutany hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýändigini aýdyp, geljekde hem ony has-da pugtalandyrmak üçin zerur tagallalary etmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk we üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi