Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) wekilleri bilen möhüm duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministri B. Orazdurdyýewa ýolbaşçylyk etdi. AÖB tarapyndan delegasiýa adam we sosial ösüş departamentiniň direktory Sofiýa Şakil ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda bilim we adam kapitalynyň ösüşi boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministr Orazdurdyýewa AÖB bilen uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlygyny bildirip, ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini we döwrebaplaşdyrylmagyny maksat edinýän dürli taslamalaryň amala aşyrylmagynda bankyň goldawynyň ähmiýetini belledi. AÖB wekilleri bolsa bilelikdäki işleri dowam etdirmäge we Türkmenistanyň bilim ugrundaky başlangyçlaryny goldamaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Duşuşykda AÖB bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylan üstünlikli taslamalar we täze mümkinçilikler, mysal üçin, tehniki we hünär biliminiň ösdürilmegi, syýahatçylyk sektory üçin işgärleri taýýarlamak we STEM bilimi boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ýaly meseleler aýratyn üns merkezinde boldy.
Duşuşygyň jeminde taraplar mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlyga ynam bildirdiler we ýakyn ýyllar üçin bilelikdäki işiň esasy ugurlaryny kesgitlediler.