25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada gelen BAE-niň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi.

Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Ol BAE-de doganlyk Türkmenistan  bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini hem belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Baştutanyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we BAE-niň Türkmenistanyň netijeli we uzak möhletli hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Döwletara gatnaşyklaryň özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.

— Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmen-emirlik işewürlik forumy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hem-de täze ugurlar boýunça giňelmegine  ýardam berer — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we myhmanyň saparynyň hem-de işewürlik forumynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi.

Söhbetdeşlikde özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhman soňky ýyllarda Türkmenistan  bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Abraýly düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde syýasy dialogyň we hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artýandygy bellenildi. Söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda döwlet edaralarynyň sazlaşykly gatnaşyklaryny saklamagyň, amatly söwda şertleriniň döredilmeginiň, özara forumlaryň we maslahatlaşmalaryň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-emirlik işewürlik forumynyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we hususy ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.

Ýangyç-energetika toplumy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu babatda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde iş alyp barmakda oňyn tejribe toplanyldy.

— Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, baý nebitgaz serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça maksatlaryny göz öňünde tutup, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

BAE-niň ykdysadyýet ministri öz ýurdunyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryny Türkmenistanyň durmuşa geçirýän iri halkara energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyryp, maýa goýum mümkinçilikleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi.

Gaýtadan dikeldilýän we ýaşyl energiýa ulgamy hem hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň we bolup biljek täze taslamalaryň bilelikde durmuşa geçirilmeginiň maksadalaýykdygy nygtaldy.

Duşuşykda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriň  iki ýurt üçin strategik ähmiýete eýedigine aýratyn üns berildi. Şuny nazara alyp, deňiz, demir we howa ýollaryny öz içine alýan köpugurly ulag ulgamyny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmegiň zerurdygy nygtaldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habaralar agentligi