Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabat şäherinde “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatyny geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, işewürlik maslahatyna energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalyk we azyk senagaty, gurluşyk, syýahatçylyk ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, tejribe alyşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini, bu ugurda geçirilýän sergileriň we işewürlik maslahatlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam edýändigini kanagatlanma bilen belläp, wise-premýere “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.