21-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.


Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Sanitariýa kodekslerine, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek babatda işleriň dowam etdirilýändigi aýdyldy.


Awstraliýa Arkalaşygynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky Parlamentara forumyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada pikir alşyldy. Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Mejlisiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ilat gaznasynyň we Aziýanyň ösüş bankynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde zenanlaryň, ýaşlaryň hukuklary bilen bagly halkara konwensiýalaryň kadalarynyň ýerine ýetirilişi hem-de ählumumy makroykdysady syýasatyň meseleleri barada geçiren maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşdylar. Şeýle-de deputatlar döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, hereket edýän kanunlaryň many-mazmunyny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini halk köpçüligine wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu kanunlar döwletimiziň ösüş maksatlaryny beýan etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi