Ýakynda Warşawada Türkmenistan bilen Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, polýak tarapyna Polşanyň daşary işler ministriniň orunbasary Marek Prawda ýolbaşçylyk etdi.

Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Şol bir wagtyň özünde, söwda-ykdysady we durmuş ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge aýratyn üns bermek bilen, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky özara taýýarlyk tassyklanyldy. Türkmenistan bilen Polşanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi.

Duşuşygyň çäklerinde syýasy-diplomatik ugurda bilelikdäki işleri has-da işjeňleşdirmek maksady bilen 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Maksatnama gol çekildi.

Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) Komitetiniň Başlygy Miroslaw Antonowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi