6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda soňky gezek geçirilen ýokary derejeli bäştaraplaýyn duşuşykdan bäri geçen bäş ýylyň dowamynda sebitiň durnuklylyk ýagdaýynyň çylşyrymly ýagdaýdadygyny belledi.
Türkmenistanyň goňşy sebitlerinde ýüze çykan dawaly meselelerde biziň ýurdumyz, ilki bilen durnuklylygy we sebitiň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklamak, şonuň bilen baglylykda energetika we daşary söwda baglanyşygyny işjeň ösdürmek ýörelgesine eýerýär.
Türkmenistan sebit döwletlerine olaryň gyzyklanmasy esasynda peýdalanmak üçin Hazar deňziniň kenarynda gurlan porty we öz ulag-aragatnaşyk kuwwatlyklaryny hödürlemäge taýýardygyny beýan edýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet derejesinde Merkezi Aziýadan Hazar-Gara deňzi, Günorta Ýewropa sebitine çykarjak, şeýle hem Merkezi Aziýa ― Ýakyn Gündogar ugry boýunça täze ulag-kommunikasiýa ýollaryny döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenýän bäştaraplaýyn iş toparyny döretmek teklibini öňe sürdi.
Döwlet Baştutanlary şu günki gün sebitiň döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny doly derejede dikeltmegiň, bilelikdäki haryt-dolanyşygynyň gerimini giňeltmegiň hem-de ýokary derejede özgertmeleri girizmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny bellediler. Şunda sebitde sargyt we töleg bellemek bilen bagly kadalary hem talaplary sazlamak, bitewi aragatnaşyk nyrhnamasyny kesgitlemek, migrasiýa işlerini ýeňilleşdirmek, şeýle hem haryt-dolanyşygyny diwersifikasiýasyny we onuň göwrümini artdyrmagy seljermek hem-de anyk teklipleri öwrenmek boýunça meselelere üns çekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow edaralar bilen bagly ara alyp maslahatlaşylýan meseleleriň hatarynda Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk we telekeçileriň işjeňligi boýunça iş toparyny döretmegi we onuň işine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekmegi teklip etdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlary üçin daşary bazarlara, ilkinji nobatda bolsa goňşy döwletlere çykmagyň ykdysady ösüşiň möhüm guraly bolup hyzmat edýändigini belledi.
«Biz olara energetika, ulag, söwda ulgamlarynda bilelikde taslamalary ýetine ýetirmäge gatnaşmagy teklip edip bileris» diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Eýranyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň we Orta Gündogaryň hem Günorta Aziýanyň beýleki döwletleriniň arasynda ykdysady we infrastruktura taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk dialogynyň maksatly ýollaryny döretmek meselesi işjeň häsiýete eýe bolýar.