11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki doganlyk halkyň taryha uzaýan gatnaşyklarynyň häzirki döwürde dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini belledi. Ol Milli Liderimiz tarapyndan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başy başlanan özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigine buýsanjyny beýan edip, ýakynda ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegi bilen türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady.


Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň doganlyk häsiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dürli ulgamlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýan özara bähbitli hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalar we amatly maýa goýum gurşawy bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berýär. Şunda dostlukly ýurduň iri kompaniýalaryna, aýratyn-da, “Çalyk Holding” kompaniýasyna möhüm orun degişlidir.


Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk Türkiýäniň kompaniýalarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandyny belläp, “Çalyk Holding” kompaniýasy tarapyndan Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurluşygy dowam etdirilýän, kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Duşuşygyň dowamynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň türk kompaniýasynyň bilelikdäki taslamalar boýunça degişli tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.


Pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk türk hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi