Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepdede 115 geleşik hasaba alyndy. 

Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Gonkongyň we Özbegistanyň täjirleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, umumylaşdyrylan we böleklenen nebit koksyny, suw arkaly arassalanan dizel ýangyjyny, mazudy Styn aldylar. Mundan başga-da, «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümi bolan suwuklandyrylan gaz, awtoulag benzini ECO-93, «Türkmenhimiýa» döwlet korporasiýasynyň önümi bolan dizel fraksiýa satyn alyndy. 

Şeýle hem BAE-niň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň telekeçileri daşary ýurt puluna pagta ýüplügini, jins matasyny, haly önümlerini, aýna listlerini we portlandsementi satyn aldylar. Söwda geleşikleriniň umumy bahasy ABŞ-nyň 109 million 678 müň dollaryna barabar boldy. 

BAE-niň, Gonkongyň we Owganystanyň täjirlerine milli manada umumy bahasy 3 million 604 müň manatdan gowrak bolan pagta ýüplügi hem-de haly önümleri ýerlenildi. 

Türkmen telekeçileri tarapyndan içerki bazar üçin umumy bahasy 1 million 209 müň manat bolan pagta süýümi satyn alyndy.