31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, eksportyň möçberini we ugurlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlara ýerlemek, eksport edilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek, önüm öndürijilerimiziň eksport mümkinçiliklerine ýardam bermek maksady bilen, bu ulgamyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz eksport we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçiligi amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtap, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna maglumat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek baradaky teklibi goldady hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.