31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde  wise-premýer B.Annamämmedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda täze gaz turbinaly we utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýalary, transformator beketleri, elektrik geçirijiler gurulýar, hereket edýänleriniň durky täzelenilýär. Bu desgalaryň kadaly işledilmegini üpjün etmek hem-de zerur bolan abatlaýyş işlerini geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, elektrik energiýasyny sarp edijileri ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin elektrik stansiýalarynyň, beketleriň, elektrik geçirijileriň kadaly işledilmeginiň zerur bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek baradaky teklibi goldap, hormatly Prezidentimiz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi