30-njy maýda Türkmenistanyň we Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, oba hojalyk çygyrlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem mundan beýläkki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Söhbetdeşler dürli derejedäki saparlary alyşmak we Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliklerine garadylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Diplomatlar Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleri dowam etdirmegiň, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem Türkmenistanyň we Şri-Lankanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda işewürlik forumlaryny geçirmek arkaly ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.


Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi