2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek çäresi, ýurduň saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 8-nji maýda başlandy we guramaçylykly dowam edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan wekilleri hödürlemek boýunça mejlislerdir ýygnaklar geçirilýär.

Jemgyýetçilik-syýasy çärä milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň açyklyk esasynda, kadalara laýyklykda geçirilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, bu saýlawlarda syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we raýatlar toparlary tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 76-sy bellige alyndy hem-de olara şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Raýatlaryň erk-islegini beýan etmäge mümkinçilik döretjek saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen tanyşdyrmak maksady bilen, üç okrugyň — Aşgabat şäheriniň, Berkararlyk hem-de Köpetdag etraplarynyň saýlaw toparlarynyň agzalary üçin merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan okuw maslahatlary geçirildi.

Ýerlerde okrug we uçastok saýlaw toparlary hereket edýär. Merkezi saýlaw topary tarapyndan okrug, uçastok saýlaw toparlary, dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary, synçylar üçin olaryň ygtyýarlyklary, bu syýasy çäräni geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşdyrýan ýörite gollanmalar taýýarlanyldy. Häzirki wagtda üç okrugyň çäklerinde 60 saýlaw uçastogy döredildi. Olaryň hemmesi degişli guramaçylyk enjamlary, saýlawlar boýunça maglumatlar bilen üpjün edildi hem-de olarda maglumat, usulyýet edebiýaty, Saýlaw kodeksi çap edilen kitaplar, kadalaşdyryjy namalar bar diýlip, habarda bellenilýär.

Dalaşgärleri hödürlemek 6-njy iýuna çenli, olary bellige almak bolsa 11-nji iýuna çenli dowam eder. Dalaşgärler okrug saýlaw toparlarynda bellige alnar. Şondan soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary boýunça telewideniýedäki çykyşlary, degişli saýlaw okruglarynda saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi