30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadag, ilki bilen, olary Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady hem-de täze şäherde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäherinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli 3-nji iýunda geçiriljek köpçülikleýin welosipedli ýörişiň we Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň maksatnamalary we olardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary boýunça hasabatlar berildi.
Arkadag şäheriniň häkimi Halk Maslahatynyň Başlygyna şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda täze şäherde halyçylyk kärhanasyny gurmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Gahryman Arkadag bu teklibiň oňyn başlangyçdygyny aýdyp, ony Türkmenistanyň Prezidentine ýetirjekdigini we makullanylan halatynda bu ýerde haly kärhanasynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle-de türkmen gelin-gyzlarynyň döreden dünýä nusgalyk el işleriniň, halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde we täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti boljak haly kärhanasynda eli çeper zenanlaryň zähmetinden türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň dokaljakdygyna ynam bildirdi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadag geçen asyryň 20-nji ýyllaryndan soň döredilen Gökdepe çeper haly fabriginiň ýurt boýunça öňdebaryjy kärhanalaryň birine öwrülendigini, onda ussat halyçylaryň zähmetinden ajaýyp halylaryň dokalandygyny aýtdy.
Iş maslahatynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda lukmançylyk klasterine degişli binalar, olaryň enjamlaşdyrylyşy we ýerli çig mallardan öndüriljek lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri barada hasabat berildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde ýurtda bar bolan ýerli çig mallara we olardan taýýarlanylýan lukmançylyk serişdelerine dünýä bazarlarynda uly gyzyklanma bildirilýändigini belläp, bu babatda alnyp barylýan işleri häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda we ylmy esasda ýerine ýetirmek bilen bagly birnäçe görkezmeleri berdi.
Gahryman Arkadag Arkadag şäheriniň guramaçylyk meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny jemläp, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.