Türkmenistanda işewürler senagat harytlaryny öndürmede yhlaslylyk görkezýärler. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen ýylda oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini 106,7 göterime barabar boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Häzirki wagtda birleşmäniň agzalarynyň 29 müňe golaýy halk hojalygynyň dürli pudaklarynda iş alyp barýar.
Şeýle hem häzirki wagtda oba hojalygy, azyk we balykçylyk ugurlary boýunça 1600-den gowrak telekeçi iş alyp barýar. Hususy ulgamyň wekilleri miweli baglary, ýurduň dürli künjeginde ýerleşýän ýyladyşhanalaryň 100-den gowragynda pomidordyr hyýar, gök önümleri ýetişdirýärler. Işewürler diňe geçen ýylda täze önümleriň 139 görnüşini halka hödürlediler. Olaryň hatarynda alkogolsyz içgileriň we miwe şireleriniň 38, süýji-köke önümleriniň 26, süýt önümleriniň 9, şöhlat we beýleki et önümleriniň 26 görnüşi bar.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen işewürleri ýerli çig maldan ýokary hilli önümleri öndürmek üçin önümçilige täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrýarlar. Kafel ýelimlerini, bişen kerpiç önümlerini, suw emulsiýalaryny, metal we hek önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň sany ýylsaýyn artýar. Penjiredir gapylaryň, mebelleriň dürli görnüşiniň önümçiliginde-de işewürler göreldeli iş alyp barýarlar. Önümleriň köp bölegi daşary ýurtlara-da eksport edilýär.
Hususy pudagyň wekilleri senagat, oba hojalygy, ulag, ýol gurluşygy, energetika ýaly möhüm ulgamlarda iri möçberli gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirýärler. Olar ýaşaýyş jaýlarynyň tutuş toplumlaryny, kottejleri, seýilgäh zolaklaryny, dolandyryş-işewürlik merkezlerini gurýarlar. Aşgabady ösdürmegiň 13-nji, 14-nji, 15-nji, 16-njy tapgyrlarynda, «Çoganly», «Gurtly», «Täze zaman» ýaşaýyş toplumlarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökdepe etrabynyň Köpetdag, Owadandepe geňeşliklerinde, ýurduň beýleki künjeklerinde hususy gurluşykçylar tarapyndan bina edilen durmuş-medeni maksatly desgalar sanardan köp.
Umuman, olar 2023-nji ýylda binalardyr desgalaryň 1200-den gowragyny gurdular. Häzirki wagtda hususy gurluşyk kärhanalary Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda işleri gyzgalaňly alyp barýarlar.
Çeşme: Türkmenmetbugat