25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Aşgabat ajaýyp binagärlik sazlaşygy bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen gün-günden gözelleşýär. Şäher düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, aşgabatlylar halkara ölçeglere laýyk gelýän amatlyklar, oňyn şertler bilen üpjün edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň etraplarynyň durky tutuşlygyna täzelenildi, täze iri ýaşaýyş toplumlary emele geldi, durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar ýaşaýşy, ýokary derejeli dynç alşy, öndürijilikli zähmeti üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ilatyň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň esasyny düzýär. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgede öz beýanyny tapýar.

Täze ýaşaýyş jaý toplumy paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň netijesidir. Ýaşaýjylary döwrebap we elýeterli ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek bu maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu maksatlara ýetmek üçin, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň çözgüdine laýyklykda, ýaşaýyş jaý goruny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe bir ýaşamaga oňaýly bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlary däl, ýokary amatlykly, durmuş şertleri doly üpjün edilen kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlary hem gurulýar. Bu bolsa ýaşaýjylara şahsy isleglerine laýyk gelýän jaýlary saýlamaga mümkinçilik berýär.

...Şu gün ir bilen täze ýaşaýyş jaý toplumynyň ýanynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Şanly seneleriň bellenilýän günlerinde ýurdumyzda täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Türkmen edebiýatynyň meşhur wekiliniň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu asylly däp mynasyp dowam etdirilýär. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary, täze öýlere göçüp gelen maşgalalar bar.

Eziz Watanymyzy we häzirki ägirt uly özgertmeleri wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlanýar. Medeniýet, sungat ussatlary ajaýyp çykyşlary bilen täze gurlan jaýlaryň açylyşyny dabaralandyrdylar. Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynda “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda täze jaýlaryň açylmagy mynasybetli şu günki dabaranyň geçirilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydygyny bellediler. Şanly wakalara beslenýän häzirki taryhy döwrümizde dürli maksatly desgalaryň gurulmagyna aýratyn üns berilýär. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylýandygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Çykyş edenler adam baradaky hemmetaraplaýyn aladasy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

Soňra dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalara ýokary amatlykly kottejleriň açarlary gowşurylýar. Öz şatlygyny paýlaşan täze öý eýeleri ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de halkymyzyň, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde egsilmez güýç-gaýrat arzuw etdiler.

Täze jaýlaryň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Jaýlaryň golaýynda ak öýler dikilip, dürli sahna çykyşlary guraldy. Bu görnüşler dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Her bir öýüň ýanynda gurnalan sekilerde zenanlar milli tagamlary, süýji nygmatlary taýýarlaýarlar. Gelin-gyzlar el hünärini görkezip, tahýa gaýamak, keşde çekmek, haly dokamak, keçe güllemek ýaly işler bilen meşgul bolýarlar. Kökleri gadymy döwürlere uzaýan, özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýan keşdeçilik sungaty milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Çeper elli gelin-gyzlarymyz asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, häzirki wagtda hem baýramçylyk we gündelik lybaslary, halylary, öý goşlaryny bezeýän ajaýyp gölleri, keşdeleri döredýärler. Amaly-haşam sungatynyň bu görnüşi türkmen halkynyň özboluşly milli gymmatlygydyr.

Bagşylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan halk sazlary, özüne çekiji milli oýunlar baýramçylyk dabarasyna özboluşly bezeg berýär. Sahnalaşdyrylan çykyşlardan başga-da, ähli ýerde halk we häzirki zaman estrada aýdymlary ýaňlanýar. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, ähli türkmen halkyna rowaçlyk, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edilýär.

...Soňra dabara gatnaşyjylar gurlup ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlaryny synlamaga başlaýarlar. Bu öýleriň howlularynda täze jaýlara göçüp gelen maşgalalaryň dost-ýarlary we garyndaşlary üýşüpdirler. Öýleri gutlamaga gelenlere hödür-kerem edilýär. Kottej jaýlary ýerleşýän köçeleriň ugrunda aýdymdyr tanslar ýerine ýetirilip, halk, toý, baýramçylyk däpleriniň, milli mirasymyzyň sahnalary janlandyrylýar. Dabaranyň bezegine öwrülen halk däp-dessurlary türkmen maşgalalarynda çagalaryň aýratyn alada bilen gurşalyp alnandygyna şaýatlyk edýär.

Soňky ýyllarda maşgalalaryň müňlerçesi ajaýyp köp gatly jaýlardan öýleriň, abadanlaşdyrylyp gurlan kottejleriň eýeleri boldular. Köp sanly täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy döredijilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan häzirki döwrümiziň möhüm gazananlarynyň biridir. “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurlan jaýlaryň otaglarynda, aşhanalarynda we beýleki böleklerinde ähli zerur mümkinçilikler üpjün edildi. Her ýaşaýyş jaýynyň öz mellek ýeri bolup, degişli düzümler, inženerçilik-tehniki ulgamlar göz öňünde tutulypdyr. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, ýaşyl zolaklar emele getirildi. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde rahat ýaşamak üçin hemme şertler göz öňünde tutulandyr. Täze toplumyň ýaşaýyş jaýlary bitewi binagärlik aýratynlygyna eýe bolup, sazlaşykly gözelligi emele getirýär. Bu ýerde türkmen halkynyň asylly dessurlaryna laýyklykda, baýramçylyk we maşgala dabaralaryny guramak, myhman kabul etmek, sadaka bermek hem-de beýleki dabaralary geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Jaýlaryň gurluşygy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş dessuryna, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirildi. Kottejleriň gurluşygynda ýerli çig mal serişdelerinden taýýarlanylan ýokary hilli gurluşyk önümleri peýdalanyldy.

Täze jaýlaryň eýeleri ýokary amatlykly döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelmäge mümkinçilik döreden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň töweregi abadanlaşdyrylyp, ýollar we ýanýodalar çekildi, dürli güller ekilen ýaşyl zolaklar döredilip, ýollaryň gyralarynda yşyklandyryjylar oturdylypdyr. Suw we lagym üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça uly işler alnyp baryldy.

Döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlar esasynda işewür düzümiň wekilleriniň hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, sebitleri deňeçer ösdürmek, häzirki zaman ulag düzümlerini kemala getirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürmek, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak ýaly asylly başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny bellemek gerek. Dürli maksatly iri desgalary meýilnamalaşdyrmakda we gurmakda dünýäniň gurluşyk senagatynyň gazananlaryny netijeli peýdalanmak arkaly döwlet we hususy edara-kärhanalar daşary ýurt kompaniýalary bilen deň derejede bäsleşmäge ukyply bolup, bu işleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Şu günki ýaşaýyş toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan hususy pudaga berilýän hemmetaraplaýyn goldawyň nobatdaky güwäsidir. Netijede, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilik giň gerimde ösýär.

Dabaranyň dowamynda has tapawutlanan gurluşykçylara döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Gurluşykçylar zähmetine berlen ýokary baha üçin çuňňur hoşallyk bildirip, bu gün Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirmegi esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze derejesine çykandygyny bellediler.

Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda gurlup ulanmaga berlen täze kottej toplumynyň şu günki açylyş dabarasy Watanymyzyň taryhynda nobatdaky täze sahypany açdy. Ol hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gülläp ösýän, döredýän, bagtly geljegini gurýan Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekýän giň gerimli özgertmeleriniň ýene-de bir mysaly boldy.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi