24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, doganlyk ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Akylbek Žaparowyň GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagyny aýratyn belläp, bu çäräniň türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda umumy ruhy, medeni, taryhy gymmatlyklary bolan Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ýakyn goňşy, ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen, döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändikleri tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz we myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, taraplaryň berk syýasy erkiniň, özara ynanyşmagynyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn syýasy dialogy üstünlikli alyp barmak bilen çäklenmän, şol bir wagtyň özünde halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, GDA-nyň çäklerinde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Iki döwlet birek-biregiň netijeli başlangyçlaryny goldaýarlar, goňşy ýurtlar bilen köpugurly dialogyň giňeldilmegi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýärler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Özara haryt dolanyşygynyň möçberi ýylsaýyn artýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ösüş depginini saklamagyň, täze mümkinçilikleri açmagyň zerurdygy bellenildi. Şunda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topara möhüm orun degişlidir. Bu toparyň işi dürli pudaklarda, şol sanda işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini açmak, hususan-da, söwda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli gurallary doly derejede ulanmagyň wajypdygyna üns çekildi.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga hem ähmiýetli orun degişlidir. Munuň özi iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, ylym, bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy şu ýyl beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, halkara derejede-de giňden bellenilýändigini aýdyp, ýakynda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran şahsyýetler bilen bir hatarda, gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň heýkeliniň hem orun almagynyň gyrgyz halkyny çäksiz buýsandyrandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi