Bütindünýä banky Türkmenistandaky we Täjigistandaky hemişelik wekilini täzeledi. Bank tarapyndan bu wezipä Ozan Sewimli bellenildi. Bankyň Türkmenistandaky we Täjigistandaky ozalky hemişelik wekili Ýan-Peter bu wezipede 2017-nji ýylyň ýazyndan bäri işleýärdi.
Bütindünýä bankynyň metbugata ýüzlenmesinde Ozan Sewimli: «Men Büntindünýä bankynyň Türkmenistandaky we Täjigistandaky hemişelik wekili hökmünde işe başlaýandygyma şatdyryn. Türkmenistanyň we Täjigistanyň raýat jemgyýeti, raýatlary, ösüş boýunça hyzmatdaşlarymyz hem-de hökümetiň düzümindäki kärdeşlerimiz bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn » diýip belleýär.
Ýakynda Bütindünýä banky Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny berkitmek we pandemiýanyň täsirlerini azaltmak maksady bilen ABŞ-nyň 20 million dollary möçberinde pul serişdelerini karz berdi.
Ozan Sewimli 2005-nji ýyldan bäri Bütindünýä bankynyň edara düzüminde dürli wezipelerde, şol sanda Ýewropada, Merkezi Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikada işledi. Ol bu täze wezipä bellenmezden ozal, Bütindünýä bankynyň Ýamaýkadaky we Gaýanadaky rezidenti-wekili bolup zähmet çekýärdi.