Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde paýtagtymyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň XI synp okuwçylarynyň arasynda ykdysadyýetiň esaslary boýunça geçirilen olimpiadanyň ýeňijileri we baýrak eýeleri kesgitlenildi.
Olimpiadanyň netijeleri boýunça birinji orny okuwçylaryň 5-si eýelediler. Olaryň hatarynda Geldimyrat Hallyýew (18-nji mekdep), Gurbanmyrat Annaýew (46-njy mekdep), Söhbet Rejepow (20-nji mekdep), Leýli Hojiýewa (88-nji mekdep) we Rahym Rejepow (16-njy mekdep) bar.
Ýokary synp okuwçylaryň ýene-de 20-si oňat netijeleri görkezdiler, olaryň 8-si bäsleşigiň ikinji ornuna we 12-si üçünji ornuna mynasyp boldular. Umuman, 25 okuwça baýrakly orunlar berildi.
Olimpiada Aşgabat şäheriniň umumy bilim berýän mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň 74-si gatnaşdylar. Intellektual bäsleşigiň geçirilmegi mekdep okuwçylaryna öz ukyplaryny, bilimlerini hem-de ders boýunça taýýarlyklaryny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik berdi.
Olimpiada has zehinli okuwçylary ýüze çykarmak, ýaşlaryň takyk ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek we itergi bermek, nazaryýet bilim derejelerini ýokarlandyrmak, amaly başarnyklaryny kemala getirmek we ösdürmek maksady bilen guraldy.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»