14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Ýaponiýada oňyn daşary syýasaty alyp barýan hem-de döretmegiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň Aşgabada şu gezekki saparynyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklar ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Imperatoryna hem-de Premýer-ministrine salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyga, özara hormat goýmaga esaslanýandygyny, onuň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Ýurtlarymyz halkara giňişlikde hereketlerini utgaşdyryp, birek-biregiň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýarlar. Iki döwletiň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem ösüş häsiýetine eýedir. Bu dialog hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy hormatly Prezidentimizi bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitinde görmäge şat boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitiň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunda Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň işine uly ähmiýet berilýär. Ol hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda, şol sanda gaz pudagynda, himiýa senagatynda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini toplandyklary nygtaldy.

Şeýle hem geljek ýyl Ýaponiýada “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň geçiriljekdigi aýdyldy. Bu serginiň Günüň dogýan ýurdunda geçirilmegini goldap ses beren Türkmenistan onuň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şu maksat bilen, ýörite guramaçylyk topary döredildi we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň ösüşinde we bütindünýä sergileriniň taryhynda möhüm waka boljak “EKSPO — 2025-iň” üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Jenap Endo Toşiaki hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy bu sergä gatnaşmaga çagyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi. Iki ýurtda yzygiderli geçirilýän sergiler, Medeniýet günleri we beýleki çäreler bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy döwletara hyzmatdaşlygyň özara hoşmeýilli erk esasynda ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi