Türkmenistanyň kompaniýalary Kuala-Lumpur şäherinde 2024-nji ýylyň 17-20-nji sentýabrynda geçiriljek Malaýziýanyň halal önümleriniň 20-nji halkara sergisine (МІНАЅ) baryp görmäge we gatnaşmaga çagyrylýar.
Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, sergide halal önümler we hyzmatlar, şol sanda azyk önümleri, içgiler, derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, maliýe, “ýaşyl” tehnologiýalar hem-de musulmanlara niýetlenilen syýahatçylyk hyzmatlary bilen tanyşdyrylar.
MIHAS-yň çäklerinde işewürlik gatnaşyklary boýunça duşuşyklary, satuwy we satyn alşy ilerletmek üçin bilimleri artdyrmak boýunça mejlisleri hem-de gatnaşyjylara we sergini görmäge gelýän myhmanlara ulgamlaýyn mümkinçilikleri tanyşdyrýan çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Malaýziýanyň Daşary söwdany ösdürmek korporasiýasy (MATRADE) we Malaýziýanyň Söwdany goldamak boýunça milli agentligi MIHAS-yň 20-nji maslahaty bilen birlikde Üpjün edijileri gözlemegiň halkara maksatnamasyny (INSP) guraýar.
Halkara satyn alyjylar we Malaýziýanyň eksport edijileri bilen geçiriljek bu duşuşyklar adaty we sanly ulgam görnüşlerinde guralar.
Malaýziýanyň halal önümleriniň 20-nji halkara sergisine önüm öndüriji we hyzmat beriji kompaniýalaryň 1400-siniň, INSP-niň satyn alyjylarynyň 460-synyň we 45 ýurtdan 40 müň adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.