30-njy iýulda Balkan welaýatynda geçirilen Minsitrlr Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Tokioda bolmagyň çäklerinde, Ýaponiýanyň imperatory Naruhito, Premýer-ministri Ýoşihide Suga, ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kiýoşi Ejima, Hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subai, Ýapon-türkmen dostlugy parlament ligasynyň ýapon tarapyndan başlygy, XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň wise-prezidenti Toşiaki Endo bilen duşuşyklar geçirildi.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza çagyryldy.
Geçirilen duşuşyklaryň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy, möhüm ugurlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki ýagdaýyna we geljegine seredildi. Şunuň bilen birlikde, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar, olaryň ähmiýeti hem-de öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Tokioda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça bank-maliýe, ulag we ýöriteleşdirilen tehnikalary getirmek ulgamlarynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada bolmagynyň çäklerinde XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.