7-nji maýda Beýik Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda, Aşgabatda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, tylda zähmet çekenleri hormatlamak çäresi geçirildi. «Mekan» köşgünde bolan dabara Aşgabat şäher häkimliginiň, dürli ministrlikleriň we ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada HHM habar berdi.
Dabarada çykyş edenler görkezen edermenligi, gahrymançylykly işleri hem-de häzirki döwürde ýaş nesli terbiýelemekde bitirýän hyzmatlary üçin 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna minnetdarlyk bildirip, olara hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler.
Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde uruş ýyllarynda parahatçylygy, azatlygy goran gahrymanlaryň, tylda zähmet çekenleriň edermenligini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.