Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyz üçin oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 4 sany 9 gatly, her biri 36 öýli, 4 sany 9 gatly, her biri 54 öýli, 2 sany 9 gatly, her biri 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň maý aýynda başlamak hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi