Halkara pul gaznasy Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa döwletleriniň birnäçesiniň ykdysadyýetiniň dikeltdilmegine oňyn baha berdi. Bu barada World Economic Outlook-da ýerleşdirilen hasabatda habar berilýär.
Bilermenleriň pikirine görä, 2021-nji ýylda bütin dünýä boýunça ykdysady ösüşiň 6 göterim bolmagyna garaşylýar.
Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady ösüşi şu ýylda takmynan 4 göterim bolar. Geljek ýylda bolsa bu görkezijiniň 3,7 göterime deň boljakdygy çaklanylýar. Ykdysady ösüşiň has ýokary depgini Marokko we Pakistana degişlidir.
Şeýle hem Halkara pul gaznasynyň hasaplamalaryna görä, 2021-nji ýylyň ýanwar ― maý aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,1% boldy.