Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köp ugurly hyzmatdaşlyk boýunça maslahat geçirildi

 

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň mejlisiniň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyk beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Bu çärä Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endo, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşçiler palatasynyň agzasy Simpeý Masusita hem-de ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekillerini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Bu çäre 11-nji oktýabrda Aşgabatda guralar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Tokiodaky ilçihanasy