26-njy aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirkizaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata halkara maliýe guramalaryň, iri gazna biržalaryň we banklaryň wekilleri, ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň professor-mugallymlary, görnükli alymlary gatnaşdylar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirkizaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar ilki bilen bu ýerde gurnalan sergini synladylar. Sergide ýurduň bilim ulgamynyň, esasan-da, bu ýokary okuw mekdebiniň gazananlary, üstünlikleri öz beýanyny tapýar. 

«Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirkizaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahata halkara maliýe guramalaryň, iri gazna biržalaryň we banklaryň wekilleri, ýurduň we daşary ýurtlaryň, şol sanda, Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Awstraliýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň, Litwanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we birnaçe beýleki döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň professor-mugallymlary, görnükli alymlary gatnaşdylar.
Maslahatyň umumy mejlisinde Bütindünýä bankynyň Gazagystandaky we Türkmenistandaky hemişelik wekili, Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory, Stambulyň Gazna biržasynyň wise-prezidenti, şeýle hem daşary ýurtlaryň birnäçe abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we ýurduň tejribeli ykdysatçy-hünärmenleri çykyş etdiler.

Çykyşlaryň barşynda daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamynyň häzirkizaman ösüşi, maliýe bazarynyň durnuklylygy, şeýle hem maýa goýum işjeňliginiň barha artýandygy barada belläp geçdiler. Alymlar Türkmenistanda ylmyň-bilimiň ösdürilmegine gönükdirilen ähmiýetli işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ylmy işleri alyp barmak, bu ugurda professor-mugallymlaryň we ylmy işgärleriň arasynda pikir alyşmak babatynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine güýçli itergi berilýändigi barada nygtap geçdiler.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinden soň onuň işi «Maliýe bazarlary we durnukly ykdysady ösüş», «Maliýe bazarlaryny ösdürmekde banklaryň orny» we «Maliýe bazarlary we maýa goýum işjeňligi» atly bölümlerde dowam etdi. Bölümleriň işinde maliýe bazarlaryny ösdürmekde innowasiýalaryň ornuna, sanly özgertmeleriň bank hyzmatlarynyň bazarynyň işjeňligine ýetirýän täsirine, maliýe bazarynyň amallaryny kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryna, şeýle hem durnukly ösüşi üpjün etmekde maýa goýumlaryň ähmiýetine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy.