Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Merkezi Aziýanyň "MOST Ventures" husuy wençur gaznasynyň agzalygyna çagyrylýar. Bu gazna maglumat tehnologiýalary ulgamynda sebit işewürlik taslamalaryny goldamaga gönükdirilendir.

"MOST Ventures"-yň dolandyryjy hyzmatdaşy Alim Hamitow «Işewürlik – halypaçylygyň we maýa goýumlaryň mümkinçilikleri» atly onlaýn çäräniň dowamynda şeýle diýdi:

— Biziň gaznamyza Merkezi Aziýa döwletleriniň her birinden azyndan bir wekil agza bolýar. Türkmenistandan hem wençur maýa goýumlary bilen ýokary derejede meşgullanjak şular ýaly wekiliň — adamyň ýa-da guramanyň boljakdygyna umyt edýäris.

Wençur gaznalary — bu täze başlan telekeçileriň wehimli, emma ýokary girdejili bolmagy mümkin bolan işewürlik taslamalaryny maliýe taýdan goldamaga taýýar bolan adamlaryň birleşigi.

— Kimdir bir Merkezi Aziýanyň bazarlarynyň wençur maýa goýumlaryny ösdürmäge taýýar däldigi barada aýdyp biler. Munuň üçin degişli kanunçylyk, beýleki şertler ýok. Emma biziň sebitimizde başga bir möhüm zat — adam maýasy emele gelen. Bizde täsin taslamalary oýlap tapýan ösen pikirli adamlar bar — diýip A.Hamitow aýtdy.

Biziň ýurdumyzda wençur maýa goýumlaryny ösdürmek meselesi bilen Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşigi meşgullanýar. Birleşik ABŞ-nyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (USAID) goldamagy netijesinde birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär.

Ykdysatçylar birleşiginiň geçiräýn çäreleriniň çäklerinde Türkmenistanda Işewür-mentorlaryň we wençur maýadarlarynyň ilkinji milli jemagatyny döretmek meýilleşdirilýär. Ol IT ulgamda unnowasion işewürlik taslamalaryny goldar.