25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” bellenilen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda halkara sergileri guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 19 — 22-nji awgusty aralygynda Söwda-senagat edarasynda guraljak “Kids EKSPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň çagalar, mekdep okuwçylary, talyplar üçin niýetlenen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri, okuw esbaplary, elektron harytlary hödürleniler. Şunuň bilen birlikde, bu pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda sergi-ýarmarka işini ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu halkara sergi-ýarmarkasyny guramak baradaky teklibi goldap, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi