Häzirki wagtda Türkmenistanda tölegli hyzmatlary  amala aşyrýan  onlaýn dükanlaryň we saýtlaryň hereket edýän 200-e golaý domen atlary hasaba alyndy.  Olaryň aglabasy häzirlikçe Aşgabadyň çäginde işleýär, ýöne kem-kemden ýurdumyzyň welaýatlaryna hem ýaýbaňlandyrýar.

Türkmenistanda onlaýn söwda dükanlarynyň we marketpleýsleriň  hyzmatlary  ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen baglanyşykly  çäklendirmeler  girizilenden soň has-da meşhur boldy.  Ýurdumyzda aglaba bölegi hususy  kärhanalara degişli bolan  onlarça söwda meýdançalary işläp başlady.

Şeýle-de elektron töleg ulgamynyň gerimi giňeýär. Indi “Altyn Asyr” milli töleg  ulgamynyň kömegi bilen ulanyjylar, internet arkaly satyn alan zatlarynyň tölegini sargyt wagtynda satyjynyň töleg hyzmaty birikdirilen web sahypasy arkaly amala aşyryp bilerler.

2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndaky   ýagdaýyna görä,  Türkmenistanda hyzmatlaryň tölegini tölemek we internetde   haryt satyn almaga mümkinçilik berýän 4 million 630 müňden gowrak  bank karty bar.