Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherindäki wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary Piter Gindl bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary derejesi hem-de onuň özara bähbitlilik we birek-birege hormat goýmak häsiýete eýedigi bellenildi. Taraplar iki dostlukly ýurduň işewürlik ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňky ýyllarda türkmen-awstriýa işewürlik gatnaşyklary has-da ösdürilip, şunda wekiliýetleri alyşmak, iş saparlaryny, işewürlik maslahatlaryny we pudaklaýyn sergileri geçirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


Çeşme: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy