Şu ýylyň 8-nji iýunynda güýje girizilen Türkmenistanyň «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Kanunyň esasynda ýurdumyzyň telekeçileri döwlet bilen gyzyklanmalary we töwekgelçilikleri sazlamak bilen birlikde uly göwrümli taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik aldylar.

Täze kanuna laýyklykda döwlet-hususy taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde hususy taraplara döwlet tarapyndan dürli görnüşli maliýe goldawy berler. «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen makalada ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni Parahat Meretliýew bu ugurda döwlet-hususy taraplarynyň özara gatnaşyklary hakynda giňişleýin gürrüň berýär. Şunlukda, döwlet býujetinden telekeçi hyzmatdaşlara karz, grant, kredit, aktiw we emläk, şeýle hem zerur bolan harytlaryň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça tölegler, döwlet býujetiniň hasabyna iş we hyzmatlar ýaly görnüşlerde serişdeler bölünip berler. Kanun hususy hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň salgyt hem-de beýleki ýeňillikler barada döwlet kepilnamasy bilen üpjün edilmegine şert döredýär.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerine laýyklykda,  şahsy başlangyç boýunça taýýarlanylan taslamalar döwlet tarapyndan bir aýyň dowamynda tassyklanylmaly ýa-da ret edilmelidir. Taslama tassyklanylan halatynda döwlet guramasynyň saýtynda neşir edilýär. Mundan soň taslamany amala aşyrmak işlerine gatnaşmak üçin beýleki hususyýetçiler hem isleg bildirip bilerler. Bazar gatnaşyklarynyň çäklerinde birnäçe hususy kärhanalar tarapyndan taslamany ýerine ýetirmäge gyzyklanma bildirmegi bilen ýörite bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşikde ýeňiji bolan hususy kärhana döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda döwlet gurluşygy bilen şertnama baglaşmaga hukuk gazanar.

Döwlet-hususy taslamasynyň konsepsiýasy birnäçe talaplara laýyk gelip, durmuş-ykdysady we önümçilik meseleleriniň çözgüdine innowasion çemeleşmäni we ikitaraplaýyn bähbidi sazlamak wezipesini özünde jemlemelidir ― diýip, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hünärmeni habar berýär.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny kadalaşdyrmak işi  Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýär.