Fitch halkara agentligi bilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistana karz bermäge ukyplylygy boýunça reýting berler. Bu gepleşikler tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Ýurduň karz bermäge ukyplylygy reýtingi onuň maýa goýum derejesini kesgitleýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň iýul aýynda Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşuldy. Bu günki gün ýurtdaky maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak we maýa goýum amallaryny höweslendirýän şertleri döretmek boýunça işler giňden ýola goýuldy. Türkmenistandaky maýa goýum işlerini döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň kanuny esasyny döretmek boýunça möhüm işler edildi. Türkmenistanyň kanunçylygy daşary ýurt maýadarlaryna goýlan maýanyň doly goralmagyny kepillendirýär. Salgyt tölenenden soň daşary ýurt maýadarlarynyň girdejileri öz ygtyýarynda galýar we Türkmenistanyň çägine täzeden maýa goýup ýa-da yzyna iberilip bilner.
Fitch Ratings dünýäniň iň iri halkara reýting agentlikleriniň üçlügine girýär. Onuň hünärmenleri dürli emitentleriň maliýe durnuklylygynyň çuňňur seljermesini geçirip, olaryň maliýe borçnamalary boýuna göterimleri töläp bilmek mümkinçiligi hakynda netijeleri çykarýar. Fitch reýtingi önüm öndürijileriň abraýyna oňyn täsir edýär, maýadarlary çekmäge ýardam edýär.
2020-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň esasy serişdelerine goýlan maýa goýumlarynyň umumy mukdary 10 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolup, jemi içerki önümiň takmynan 23 % barabardyr. Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maglumatyna görä, maýa goýumlaryň umumy mukdaryndan 60 % gowragy önümçilik pudagynda taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirildi. Umumy maýa goýum mukdarynda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy ýokary derejede saklanýar, ýagny takmynan 15 göterim. Häzirki wagtda Türkmenistanda 100-den gowrak ýurtlardan daşary ýurt kompaniýalary maýa goýum işlerini alyp barýarlar. Bu kompaniýalar bir ýarym müňden gowrak maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirýärler.
Mundan başga-da, 2019-njy ýyldan başlap, Türkmenistan daşary ýurt maýadarlaryna we milli telekeçilere hyzmatdaşlygy has işjeň birleşdirmäge we giňeltmäge mümkinçilik berýän halkara maliýe hasabatlylyk standartlaryna geçdi. Mundan başga-da, bu ýagdaý maliýe hasabatlylygynyň we öndürijilik düzgüniniň aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.