17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Tejen bölegine bäş sany halkara güwänama gowşuryldy. 

Şularyň hatarynda: 

Ýaponiýanyň «NEC Telekommunikasion Ltd.» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin» atly halkara güwänamasy;

Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasynyň«Ýokary tizlikli ýoluň wideo gözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamasy; 

Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi» barada halkara güwänamasy;

Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartlaryna laýyk gelýändigi» barada barada halkara güwänamasy; 

Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň metodiki gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» barada halkara güwänamasy.

Bu gün sebit we ählumumy multimodal ulag ulgamyna Türkmenistanyň işjeň goşulyşýandygyny, ýurduň geoykdysady mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň çäklerinde öňdengörüji başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýan möhüm taryhy waka bolup geçýär.  

Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat – Tejen birinji böleginiň birnäçe abraýly halkara güwänamalaryna eýe bolandygyny bellemek gerek.

Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Tejen bölegine şu halkara güwänamalaryň gowşurylmagy bu awtomobil ýolunyň gurluşygyndan başlap, häzirki zaman çözgütleriň ornaşdyrylyşyna çenli tutuşlygyna innowasion desga bolup durýandygyna güwä geçýär.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi